logo

Latest news:
✦ Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda golýazmalary öwrenmek boýunça ylmy hyzmatdaşlyk başlandy ✦ ✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Talyplar we ýaş telekeçiler eksport boýunça amaly maslahatlar aldy ✦ ✦ TOHU-da ýaşlaryň marketing bilimini artdyrmak üçin açyk sapak guraldy ✦
Home / Interesting /HEM AKYL, HEM BILIM ÇEŞMESI
  17.01.2023
1504
HEM AKYL, HEM BILIM ÇEŞMESI

Ynsan kitaby näçe köp okasa, gözýetimi-de şonça giňeýär. Giň gözýetimli, giň düşünjeli adama bolsa, daşky dünýä akyl ýetirmek o diýen kyn hem düşmeýär we ol durmuşda ýüze çykýan dürli kynçylyklardan baş alyp çykýar. Islendik ýurtda kitap köp satylýan bolsa we köp okalýan bolsa, onda ol ýurtdaky adamlaryň biri-birine bolan garaýşy, özara gatnaşygy hem başgaça bolýar. Kitap okyjyny sessiz-üýnsüz, belent derejelere çykarýar we şol bir wagtyň özünde kitap aragatnaşyk serişdesidir. Kitap ähli asylly garaýyşlaryň, paýhasly pikirleriň giňişleýin keşbidir. Kitap okamak, öwrenmek adamyň özüni alyp barşyna-da täsir edýär. Kitap okamak endigi endikleriň ähmiýetlisidir. Ynsan gündelik durmuşda öz bedenini iýmek bilen kuwwatlandyrýar, ruhuny bolsa kitap okamak bilen iýmitlendirýär. Kitap okamaklyk üýtgeşik çykdajyny hem talap etmeýär. Netijede adam tölegsiz görnüşde dynç alşa gaýybana syýahata çykýar. Ýürege ýakyn kitaplary okamaklyk bolsa durmuşyň lezzetine lezzet goşýar. Kitaba ýüzlenmek durmuşy has gyzykly ýaşamaga, wagty has manyly geçirmäge ýardam edýär. Kitap okamak arkaly bize mälim bolmadyk täsin zatlaryň dünýäsi açylýar. Kitap okamak durmuşa düşünmegiň ynsanlara mahsus bolan ýeke-täk tilsimidir. Yzygiderli kitap okalmagy ünsi jemlemäge ýardam edýär. Ol okalýan maglumat bilen aňyň utgaşmasyny üpjün edýär. Ünsli bolmaklyk bolsa ugurtapyjylygyň görkezijisidir. Köplenç ýagdaýda, okuwdan ýa-da işden boş wagtlary kitap okamaklyk beýniniň işjeň bolmagyna şert döredip, ýatkeşligi ösdürýär. Kitaby okaýan pursadyňyz ondaky beýan edilýän wakalaryň hem hadysalaryň dowamy hakda gyzyklanmak, netijesini öňünden seljermek pikirleniş ukybyny ýokarlandyryp pikirleri tämizleýär. Kitap okamagyň islendik adama gazandyrýan artykmaçlyklaryna düşünýän adam kitaby özüniň iň ýakyn dosty saýýar. Kitaby söýýän okyjy töweregindäkiler bilen hem özara pikir alyşmaga diýseň höwesjeň bolýarlar we olaryň sözleýiş medeniýeti-de ösen bolýar. Bu bolsa aýratyn hem ýaş okyjylaryň öz içki pikirlerini anyk beýan etmek ukybyny has hem kämilleşdirýär. Umuman, her bir ynsan kitap okamaklygy endik edinmek üçin yhlas bilen ýapyşmaly, öz öňünde şoňa ugrukdyrýan maksatlary goýmaly. Şeýle adamlar bolsa kitabyň durmuşdaky ýol görkeziji gollanmadygyna we kitabyň gadyr-gymmatyna doly düşünýän parasatly, giň gözýetimli kämil adamlardyr.

 

Hemra DÖWLETOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.