Şu gün paýtagtymyzda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara forum geçirildi. Foruma dünýäniň köp sanly ýurtlaryndan, şeýle hem halkara we sebit guramalaryndan ýokary derejeli wekiliýetler gatnaşdy.
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalary bilen üç gezek ykrar edilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy binýadyny düzýär. Bu hukuk ýagdaýy dünýä jemgyýetçiliginiň goldawyna eýe bolup, Türkmenistanyň parahatçylyk dörediji döwlet hökmünde halkara giňişlikdäki ornuny has-da pugtalandyrdy. Oňyn Bitaraplyk dünýä meselelerinden çetleşmegi däl-de, parahatçylyk, ynanyşmak we dialog ýörelgelerine esaslanýan işjeň daşary syýasaty aňladýar. Türkmenistanyň daşary syýasaty sebitde we dünýäde durnuklylygy, howpsuzlygy hem-de özara düşünişmegi berkitmäge gönükdirilip, BMG-niň Tertipnamasynyň ýörelgelerine doly laýyk gelýär. Ýurdumyz halkara hukugyň kadalaryna berk eýerip, gapma-garşylyklaryň öňüni almak maksady bilen diplomatik, syýasy we ykdysady serişdeleri işjeň ulanýar. Merkezi Aziýada Türkmenistanyň oňyn Bitaraplygy sebit durnuklylygynyň, parahatçylygyň we hoşniýetli goňşuçylygyň möhüm şertleriniň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan sebit we halkara derejesinde derwaýys meseleleri ylalaşyk esasynda çözmek ugrunda yzygiderli çykyş edýär.
Ykdysady diplomatiýa hem ýurdumyzyň Bitaraplyk syýasatynyň möhüm ugrudyr. Türkmenistan halkara energetika howpsuzlygyny üpjün etmek, multimodal üstaşyr ulag geçelgelerini ösdürmek boýunça möhüm başlangyçlary öňe sürýär. Şol bir wagtyň özünde, Bitaraplyk syýasaty çuňňur ynsanperwer mazmuna eýe bolup, Türkmenistan ynsanperwer başlangyçlary durmuşa geçirmekde halkara guramalar bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär.
Täze taryhy döwürde Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasaty “Dialog — parahatçylygyň kepili” atly täze filosofik düşünjede öz beýanyny tapýar. Bu başlangyç dünýä jemgyýetçiligini ynanyşmak we özara hormat goýmak medeniýetini pugtalandyrmaga, gapma-garşylyklaryň öňüni almagyň ygtybarly ýoluny dialog arkaly tapmaga çagyrýar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna hem-de hemişelik Bitaraplygyň 30 ýyllygyna bagyşlanan şu forum parahatçylygy, durnukly ösüşi we oňyn Bitaraplygyň mümkinçiliklerini ilerletmek boýunça halkara tagallalary birleşdirmäge gönükdirilen möhüm meýdança boldy.
Döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda halkara forumyň açylyş dabarasy hem-de «Parahatçylyk we ynanyşmak: durnukly geljegiň bähbidine maksatlaryň bitewüligi» atly plenar mejlis geçirildi.
Hormatly Prezidentimiz mejlisi açyp, forumyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanýandygyny belläp, bu çärä gatnaşyjylary mähirli gutlady. Döwlet Baştutanymyz forumyň geçirilmeginiň Türkmenistanyň parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarlydygynyň aýdyň subutnamasydygyny nygtady. Geçen 30 ýylyň dowamynda hemişelik Bitaraplygyň ýurdumyzyň daşary syýasatynyň berk binýady bolup hyzmat edendigini, sebit we halkara howpsuzlygyň berkemegine, ynsanperwer gatnaşyklaryň ösmegine saldamly goşant goşandygyny aýtdy. Nygtalyşy ýaly, forumyň netijeleri halkara hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge ýardam berer.
Hormatly Prezidentimiziň bellemegine görä, foruma döwlet we hökümet Baştutanlarynyň, abraýly halkara guramalaryň ýolbaşçylarynyň, syýasatçylaryň, diplomatlaryň, alymlaryň we jemgyýetçilik işgärleriniň gatnaşmagy onuň ähmiýetini aýdyň görkezýär. Myhmanlary türkmen topragynda kabul etmegiň Türkmenistanyň halky üçin uly hormat we abraýdygy nygtaldy.
Kakageldi AKMYRADOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.