logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Politics /Hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli 11–13 dekabr günleri dynç günleri diýip yglan edildi
  06.12.2025
577
Hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli 11–13 dekabr günleri dynç günleri diýip yglan edildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurduň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli 11–13 dekabr günlerini dynç günleri diýip yglan etmek hakyndaky Permana gol çekdi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşigi habar berdi.

 

12-nji dekabrda Aşgabat şäherinde halkara derejesinde giň gerimli forumyň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Bu çäre 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi, şeýle-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli guralýar.

 

Döwlet Baştutany bu forumy ýokary derejede guramak, şeýle-de ähli taýýarlyk işlerini üpjün etmek barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowa degişli görkezmeleri berdi.

 

Şol mejlisiň dowamynda, şeýle-de 2025-nji ýylyň 11 aýynda ýurtda alnyp barlan işleriň jemleri boýunça netijeler jemlenildi.