Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Samarkantda medeni çäreler geçirildi ✦ ✦ Kiberhowpsuzlyk - maglumat goraglylygyň binýady ✦ ✦ II Halkara matematika olimpiadasy dowam edýär ✦ ✦ ÝHHG-niň 50 ýyllygyna hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli forum ✦ ✦ Türkmenistan Kazanda geçiriljek “KazanForum” we “Halal Expo 2025”- e gatnaşar ✦ ✦ Ýurdumyzda II Halkara matematika olimpiadasy başlandy ✦ ✦ «AtaMekan» Terjime Merkezi: Mekdep okuwçylary we talyplar üçin ýeňillikler! ✦ ✦ "Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi" bäsleşiginiň ikinji tapgyry geçirildi ✦ ✦ Katolik dünýäsiniň ruhy lideri aradan çykdy ✦ ✦ Paýtagtymyzda sportuň milli we alyş göreşi boýunça halkara ýaryş geçiriler ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Hemmetaraplaýyn ösüşiň möhüm mümkinçilikleri
  03.04.2023
463
Hemmetaraplaýyn ösüşiň möhüm mümkinçilikleri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň kuwwatly ösýän milli ykdysadyýetiniň esasy häsiýetli aýratynlygy onuň maksatnamalaýyn esasda ösdürilýändiginden ybaratdyr. Durnukly ykdysady ösüşiň binýadyny düzýän önümçilik meýilnamalarynyň ýola goýulmagy we amal edilmegi bu ugurdaky täzeçil çemeleşmelere esaslanýar. Bu möhüm wezipeler «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylymyzda döwrüň ruhuna kybap gelýän halk bähbitli giň möçberli işleriň dowamatynyň dowam bolýandygyndan habar berýär. Häzirki döwürde ýurdumyzda birnäçe maksatnamalaryň hereket etmegi geljekki ösüş ugurlarymyzyň möhüm binýadyny düzýär. Şunda ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak bilen bagly wezipeleriň esasy orny eýeleýändigi bellenmäge mynasypdyr. Milli ykdysadyýetiň ösüş depginini durnukly saklamak täzeçe usullaryň, täzeçe çemeleşmeleriň üpjün edilmegini talap edýär. Ösüşiň täze eýýamynda ýurdumyzda döwletimizi mundan beýläk-de berkarar etmek üçin wajyp strategik maksatlaryň kesgitlenen möhletlerde durmuşa geçirilmegine mümkinçilik berýän «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» kesgitlenen maksatlar syýasy, ykdysady, durmuş we medeni wezipeleriniň gerimi has hem giňeldýär. Onda göz öňünde tutulan özgertmeleriň aglaba böleginiň ilatyň durmuş şertleriniň gowulandyrylmagy bilen baglylygy ýurdumyzda geljekki 30 ýylda-da ilatymyzyň bähbitlerine gönükdirilen işleriň dowam etdiriljekdiginiň aýdyň güwäsidir. Bagtyýar raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş goraglylygyny kämilleşdirmek, iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmak we halkyň bähbitleriniň ileri tutmak ýaşaýyş-durmuş ulgamyny ösdürmekde möhüm ädim bolup çykyş edýär. Oba ýerlerinde durmuş infrastrukturasynyň güýçli depginde ösdürilmegine ýardam bermek bilen bir hatarda, oba ilatynyň amatly ýaşaýşy üçin döwlet tarapyndan zerur şertleriň döredilmegi guwandyryjydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz ýurdumyz iri maýa goýum taslamalaryny amala aşyrýan döwletleriň hatarynda tanalýar. Täze taryhy döwürde kabul edilýän maksatnamalarda durmuş ulgamyny ösdürmäge gönükdirilen syýasata aýratyn ünsüň berilmegi onuň ýurduň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda aýgytlaýjy orun eýeleýändigini aňladýar. Şunuň bilen baglylykda, täze iş orunlarynyň döredilmegi döwletiň ykdysady kuwwatynyň artmagyny şertlendirýär, ilatyň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün edýär. Häzirki döwürde ýurdumyzda giň gerimde ösdürilýän senagatlaşdyrmak, diwersifikasiýalaşdyrmak, sanlylaşdyrmak syýasatlary barha ýaýbaňlandyrylýar. Munuň özi mähriban raýatlarymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmek ugrunda döwlet tarapyndan uly tagallalaryň edilýändigini we bu asylly işleriň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda has-da üstünliklere, rowaçlyklara beslenýändigi alamatlandyrýar. Şunuň ýaly beýik işleri bilen halkymyzy bagtyýarlyga besleýän hormatly Arkadagly Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys! 

 

Ziýarat BAZARBAÝEW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.