logo

Latest news:
✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦
Home / Economics /Her bir dänäň müň bolsun, edermen gallaçylar
  20.10.2020
719
Her bir dänäň müň bolsun, edermen gallaçylar

     Häzirki wagtda Türkmenistan döwletimiz dünýäniň ösen döwletleriniň arasynda öňde saýlanýar. “Türkmenistan Bitaraplygyň mekany” ýylynda ähli pudaklar bilen bir hatarda oba hojalyk pudagyda giň gerim bilen ösdürilýär. Türkmenistan döwletimizde ekerançylygy ösdürmekde bitirilýän işler, edilýän aladalar sanardan artykdyr. Ýurdumyzda il ýaşulylarymyzyň ak pata bermegi bilen güýzki bugdaý ekilşine sentýabr aýynyň ikisinden girişildi. Elbetde türkmen halky ekerançylygy  ösdürmekde birnäçe işleri alyp barýarlar.

      Ak bugdaýyň watany bolan Türkmenistan döwletimizde bugdaýyň birnäçe görnüşleri ösdürilip ýetişdirilýär. Şu bereketli ýylda hem bugdaýyň “Sähraýy”, “Juwan”, “Ýolöten-1”, “Miras”, “Ak baş”, “Hasylly”, “Watan” ýaly hasylly görnüşleriniň ýokary hilli tohumlary taýýarlanyldy we ekişe berildi. Güýzlik ekilişine ak pata bermek dabaralary ýurdumyzyň ähli welaýat etraplarynda giň gerim bilen alnyp barylýar. Dabaralara ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň, hormatly il ýaşulylaryň daýhan birleşikleriniň ýolbaşçylarynyň, mehanizatorlarynyň, gallaçy kärendeçileriniň gatnaşmaklarynda alnyp barylýar. Halkymyzyň bol elin durmuşda ýaşamaklary üçin geljek ýylda bugdaýyň döwlete tabşyrylmaly mukdary artdyryldy. Şol sebäpli edermen gallaçylar tarapyndan, öňde goýulan borçnamalaýyn tabşyrylmagy bellenilen bugdaýy ýetişdirmeklik üçin häzirki döwürden başlap taýýarlyk işleri tutanýerli alynyp barylýar.

      Elbetde bu işleriň ählisiniň sakasynda Arkadagymyzyň halk bähbitli, ýurt ähmiýetli edýän aladalary ýatyr. Ýurdumyzy ösdürmekde, dürli pudaklar babatda alyp barýan işleri aýdylanlara doly subutnama bolup durýar.