Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Buýan ösümliginiň dermanlyk häsiýeti ✦ ✦ Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi ✦ ✦ Ýurdumyzyň ösüş ýolunyň täze tapgyry ✦ ✦ «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ✦ ✦ «Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy ✦ ✦ Gyz-gelinler — milli bitewüligiň we dowamlylygyň nyşany ✦ ✦ Energetika howpsuzlygy we sebit durnuklylygy ✦ ✦ Mary DES-i elektrik energiýasyny öndürmekde ýokary netijeleri gazandy ✦ ✦ Aktauda Hormatly Prezidentimiziň kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygaryna bagyşlanan dabaraly maslahat geçirildi ✦
Baş sahypa / Syýasat /Hereketleriň maksatnamalaryny milli syýasatlara ornaşdyrmagyň strategiýalary işlenilýär
  11.08.2025
1055
Hereketleriň maksatnamalaryny milli syýasatlara ornaşdyrmagyň strategiýalary işlenilýär

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleri (DÇBÖBD) boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde “Hereketleriň maksatnamalaryny milli syýasatlara ornaşdyrmak, arabaglanyşygy we hyzmatdaşlygy güýçlendirmek boýunça ösüş meýilnamalary” mowzugy bilen milli hem-de BMG-niň hemişelik utgaşdyryjylarynyň duşuşygy geçirildi. Çäräniň maksady bu döwletleriň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklaryny çözmekde hyzmatdaşlygy ösdürmek hem-de bilelikdäki işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak boldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

 

Çykyşlarda milli ösüş strategiýalary bilen halkara borçnamalaryň arasyndaky sazlaşygy üpjün etmegiň möhümdigi nygtaldy. Hususan-da, Hereketleriň Awaza maksatnamasyny milli syýasatlara ornaşdyrmakda milli utgaşdyryjylaryň üstüne uly jogapkärçilik düşýändigi bellenildi. Bu ulgam 2022-nji ýylda BMG-niň degişli edarasy tarapyndan döredilip, maksatnamalary milli derejede utgaşdyrmaga we durmuşa geçirmäge ýardam berýär. BMG-niň hemişelik utgaşdyryjylary bolsa taslamalaryň taýýarlanylmagyna, ýerine ýetirilmegine we maliýe goldawynyň üpjün edilmegine gatnaşýarlar.

 

Duşuşykda gatnaşyjylar bu düzümleriň halkara başlangyçlar bilen milli ileri tutulýan ugurlar arasynda köpri bolup hyzmat edýändigini, şeýle-de Durnukly ösüş maksatlarynyň her bir ýurduň şertlerine laýyklaşdyrylmagyna ýardam berýändigini nygtadylar. Şonuň üçin gatnaşyjylar aragatnaşyk ulgamlaryny ösdürmegiň, umumy platformalar döretmegiň we maglumat alyşmalary işjeňleşdirmegiň zerurdygyny bellediler.

 

Maslahatda innowasion çemeleşmeler, öňdebaryjy tejribeler hem-de bilim we maglumat alyşygyny ýeňilleşdirýän hyzmatdaşlyk platformalary görkezildi. Şeýle-de üstaşyr geçiriji döwletler bilen bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak, dürli ýurtlardaky maksatnamalaryň ýerine ýetirilişini seljermek, hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemek boýunça pikir alyşmalar geçirildi. Şeýle işleriň köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrýandygy aýratyn bellenildi.

 

Duşuşykda pudagara iş toparlaryny döretmegiň, degişli “Ýol kartasyny” taýýarlamagyň, döwlet işgärleri, hususy pudak we raýat jemgyýetiniň wekilleri üçin maglumat çärelerini geçirmegiň möhüm ähmiýeti görkezildi.

 

Ahyrky netijede gatnaşyjylar bilelikdäki tagallalaryň we tejribe alyşmagyň Hereketleriň Awaza maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmäge, şeýle hem Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdiler. Olar çäräniň ýokary guramaçylygy üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk aýtdylar.

 

Gülzada Täşliýewa,

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy.