logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Science and Education /Himiýa boýunça Halkara internet olimpiadasy geçirilýär
  18.03.2022
1295
Himiýa boýunça Halkara internet olimpiadasy geçirilýär

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti himiýa boýunça Halkara internet olimpiadasyny geçirýär. Olimpiada gatnaşmaga ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary çagyrylýar.

Olimpiada gatnaşmak üçin şu ýylyň 20-nji martyndan başlap, 20-nji apreline çenli isleg bildirýän talyplar hasaba alynmaly. Bu Halkara olimpiada uniwersitetiň bilim resmi portalynyň «moodle» meýdançasynda onlaýn görnüşde türkmen, rus we iňlis dillerinde özbaşdak hem-de toparlaýyn geçiriler. Olimpiada her ugur boýunça bäş talyp gatnaşdyrylýar.

Maý aýynyň 5-ine Halkara olimpiadanyň jemi jemlener. Ýeňijilere 20-nji maýda ýörite sowgatlar we diplomlar gowşurylar.