logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / In the world /Hindistanda dinler arasyndaky nikalara gözegçilik etmek üçin ýörite topar döredildi
  19.12.2022
1010
Hindistanda dinler arasyndaky nikalara gözegçilik etmek üçin ýörite topar döredildi

Günbatar Hindistanyň Maharaştra welaýatynyň hökümeti dürli dinlerden bolan är-aýallara we olaryň maşgalalaryna gözegçilik etmek üçin ýörite topary döretdi. Bu ýagdaý gözegçilik meselesinde uly aladalary döretdi.

Döredilen ýörite topar 13 sany zenandan ybarat bolup, olar dürli dinlerden bolan jübütleri we olaryň maşgalalaryny ýakyndan yzarlamak we ýazga almak ýaly zatlardan jogapkär bolup durýarlar.

Dinler arasyndaky nikalara gözegçilik etmek üçin güýje giren kararda, kanuny taýdan durmuşa çykýan ýa-da gaçyp, ybadat ýerlerinde durmuşa çykýan jübütleriniň ýagdaýyna hem serediljekdigi mälim edilýär. Topar zorluk bilen durmuşa çykarylýan we dinler arasyndaky nikalarda ýüze çykýan düşünişmezliklere gözegçilik eder we zerur bolsa goldaw berer.

Topar zenanlara we olaryň maşgalalaryna maslahat hyzmatlary hem berýär.