logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Technology /Hindistanda emeli aň ulgamy ösýär
  25.01.2025
853
Hindistanda emeli aň ulgamy ösýär

Hindistanyň iň baý işewürleriniň biri bolan Mukeş Ambani ýurduň Jamnagar şäherinde dünýäniň iň uly maglumat merkezini gurmagy meýilleşdirýär. Onuň ýolbaşçylyk edýän "Reliance Group" kompaniýasy tarapyndan amala aşyrylýan taslama 3 gigawat kuwwatlyga eýe bolar we "Nvidia" kompaniýasynyň emeli aň ýarymgeçirijileri bilen üpjün ediler.

Taslamanyň gurluşygy 24 aýyň dowamynda tamamlanar diýip garaşylýar. Mukeş Ambani bu taslama üçin 20 bilen 30 milliard dollar aralygynda maýa goýmagy maksat edinýär. Maglumat merkezi emeli aň gözleg hyzmatlaryny arzan bahadan hödürlemek, Hindistanda emeli aň programmalaryny elýeterli etmek we alternatiw energiýa çeşmeleri bilen işlemek üçin niýetlenýär.

Bu ädim bilen Mukeş Ambani dünýäniň iri tehnologiýa kompaniýalarynyň, şol sanda "Microsoft Corp.", "Alphabet Inc." ýaly firmalaryň emeli aň bazaryndaky maýa goýum taslamalaryna goşulýar.

Şol bir wagtda, ABŞ-nyň üç iri kompaniýasy – "OpenAI", "SoftBank Group Corp." we "Oracle Corp." – "Stargate" taslamasyny durmuşa geçirmek bilen emeli aň infrastrukturasyna 100 milliarddan 500 milliard dollara çenli maýa goýmagy meýilleşdirýärler.

Parahat TLEUOW,

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky
Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň
Innowasiýalaryň ykdysadyýeti fakultetiniň
Dil öwreniş bölüminiň öwreniji mugallymy.