logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / In the world /Hindistanda gyzamyk sebäpli aradan çykýanlar köpelýär
  25.11.2022
959
Hindistanda gyzamyk sebäpli aradan çykýanlar köpelýär

Hindistanda gyzamyk epidemiýasynyň köpelmegi sebäpli Mumbaýda we şähere ýanaşyk sebitlerde jemi 12 çaga aradan çykdy. Hindistanyň saglygy goraýyş işgärleri gyzamyk epidemiýasy bilen kesellänleriň sanynyň 233 adama ýetendigini mälim etdiler we bu keseliň geçen ýyl bilen deňeşdirilende 3 esse köpelendigini bellediler.

Häkimiýetler ýurtda gyzamyk sebäpli ölenleriň sanynyň 2022-nji ýylda 12-ä ýetendigini we «Covid-19» epidemiýasy sebäpli amala aşyrylmadyk sanjym işleriniň gyzamyk keseliniň köpelmegine getirendigini mälim etdi. Şeýle hem Mumbaýda 20 müň çaga gyzamyga garşy sanjym edilmändigi mälim edildi.

Hindistanyň saglygy goraýyş işgärleri sanjym işleriniň tizleşdirilendigini belläp geçdiler.