logo

Soňky täzelikler:
✦ Bitaraplyk — türkmen halkynyň synmaz ýoly ✦ ✦ Dil bilen dünýäni gezer ✦ ✦ Ýaşlar — Watanymyzyň geljegi ✦ ✦ Bilim bermekde okuwçynyň pikirleniş ukybyny ösdürmek möhümdir ✦ ✦ Garabogaz - Gazagystan serhetýaka awtomobil ýolunyň 44 kilometrlik bölegi açyldy ✦ ✦ Daşoguzda ýylda 700 müň tonna azotly dökün öndürjek toplum gurlar ✦ ✦ Daşoguzda pagta çigidini gaýtadan işleýän täze kärhana gurlar ✦ ✦ Aşgabat - Daşoguz awtomobil ýoly täze tapgyrda ulanylmaga beriler ✦ ✦ Daşoguz welaýatynda ulag we senagat ösüşiniň täze taslamalaryna badalga berildi ✦ ✦ Ykdysadyýetiň görnüşleriniň ösüşi ✦
Baş sahypa / Dünýäde /Hindistanda howanyň hapalygy howply derejede
  04.11.2022
1153
Hindistanda howanyň hapalygy howply derejede

Hindistanyň ýerli metbugaty howanyň hapalanmagy barada hsabat neşir etdi. Şoňa görä, paýtagt Nýu-Delide howanyň hil indeksi (AQI) irden 408-e, günüň ortasynda bolsa 426-a çykýar. Ýurtda howanyň hapalygynyň şeýle ýokary derejede bolmagy ýurtda dem almakda kynçylyk, howa ýetmezçiligi, demgysma ýaly arz-şikaýatlar bilen hassahana ýüz tutýanlar gün-günden köpelýär.

Hindistanda howanyň howply derejede hapalanmagynyň sebäbi bolsa saman ýakylmagy, awtoulaglaryň uglerod zyňyndysy bolup durýar. Ýerli hökümet edaralary bu ýagdaýyň öňüni almak boýunça birnäçe işleri geçirýär.