logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Hindistanyň Prezidenti Türkmenistana döwlet sapary bilen geldi
  01.04.2022
1030
Hindistanyň Prezidenti Türkmenistana döwlet sapary bilen geldi

Şu gün Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowind ýurdumyza  döwlet sapary bilen geldi. Hormatly myhman paýtagtymyzyň halkara howa menzilinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow mähirli garşylady.

Belent mertbeli myhman üçin bu ýerde resmi garşylamak dabarasy guraldy. Iki ýurduň döwlet senalary ýaňlandy.  Resmi garşylamak dabarasy tamamlanandan soňra Hindistan Respublikasynyň Prezidenti sapary döwründe öz üçin niýetlenen “Ýyldyz” myhmanhanasyna ugrady.

2-nji aprelde ýokary derejede türkmen-hindi gepleşikleri geçiriler. Onda iki ýurduň arasyndaky dürli ugurlardaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşylar.

Hindistanyň Prezidentiniň Türkmenistana sapary 4-7-nji aprelde Niderlandlar Patyşalygyna döwlet sapary bilen utgaşyp gider. Prezident Ram Nath Kowind Patyşa Willem Aleksandr we şa zenany Maksimanyň çakylygy boýunça bu ýurtda saparda bolar.

Belläp geçsek, Hindistanyň Baştutanynyň we onuň maşgalasynyň Türkmenistana taryhda ilkinji saparydyr.