logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Health /“Hirurgiýanyň wajyp meseleleri” atly ylmy-amaly maslahaty geçirildi
  08.04.2024
585
“Hirurgiýanyň wajyp meseleleri” atly ylmy-amaly maslahaty geçirildi

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan halkymyzyň saglygyny goramak, sagdyn nesliň kemala gelmegini gazanmak, keselleriň öňüni almak baradaky ýola goýlan goýlan kämil ýörelgäni mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallary bilen ýurdumyzyň “Saglyk”  döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmekde mynasyp işler durmuşa geçirilýär. Bu alnyp barylýan işlerde Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň professor- mugallymlary we zehinli talyplary mynasyp goşant goşýarlar.

 

Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynyň 5-nji aprelinde hem däp bolşy ýaly, Bütindünýä saglyk gününe bagyşlanyp, S.A.Nyýazow adyndaky BMBM-niň mejlisler zalynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň rektorlygy we Gospital hirurgiýasy kafedrasynyň gurnamagynda “Hirurgiýanyň wajyp meseleleri” atly ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Ylmy-amaly maslahata uniwersitetiň professor-mugallymlary, lukmanlar, ýaş alymlary we talyplar işjeň gatnaşdylar. Maslahatda çykyş edenler hirurgiýanyň öňünde durýan häzirkizaman wajyp meseleler, ýurdumyzda bu ugry ösdürmeklige döredilen mümkinçilikler we amatly şertler dogrusynda gürrüň berdiler we döwletimizde saglygy goraýyş ugruny ösdürmekde edýän bimöçber aladalary üçin hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza çäksiz alkyş aýtdylar.