logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Sports /Hokkeý boýunça halkara ýaryş badalga aldy
  15.04.2024
794
Hokkeý boýunça halkara ýaryş badalga aldy

Düýn – 15-nji aprelde paýtagtymyzyň Gyşky oýunlar sport toplumynda şaýbaly hokkeý boýunça halkara ýaryşyna badalga berildi. Bu waka merjen şäherimiz Aşgabadyň halkara sport merkezi hökmünde giňden ykrar edilýändiginiň nobatdaky gezek subutnamasy boldy. Türkmen sportunyň taryhyna täze bir ajaýyp sahypa bolup ýazyljak hokkeý boýunça halkara ýaryşyna Ýewropa we Aziýa yklymlarynyň on ýurdundan toparlar gatnaşýarlar. Ýaryşyň duşuşyklarynyň ählisi Gyşky oýunlar sport toplumynyň 10 müň orunlyk ýapyk buz meýdançasynda alnyp barylar.   

 

Aşgabatda badalga alan bu halkara ýaryş daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ünsüni Türkmenistana gönükdirdi. Hokkeý duşuşyklary dürli ýurtlaryň medialarynda sport janköýerlerine yzygiderli ýetiriler.  

 

Giň gerim bilen badalga alan bu sport baýramçylygy sebitde hokkeýiň ösmegine, bu sportuň meşhurlygyna we oňa gatnaşyjy ýurtlaryň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň has-da pugtalanmagyna mynasyp goşantdyr.   

 

Bu halkara ýaryş 2024-nji ýylyň 20-nji apreline çenli dowam eder.

 

Bereket GELDIMYRADOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.