Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Samarkantda medeni çäreler geçirildi ✦ ✦ Kiberhowpsuzlyk - maglumat goraglylygyň binýady ✦ ✦ II Halkara matematika olimpiadasy dowam edýär ✦ ✦ ÝHHG-niň 50 ýyllygyna hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli forum ✦ ✦ Türkmenistan Kazanda geçiriljek “KazanForum” we “Halal Expo 2025”- e gatnaşar ✦ ✦ Ýurdumyzda II Halkara matematika olimpiadasy başlandy ✦ ✦ «AtaMekan» Terjime Merkezi: Mekdep okuwçylary we talyplar üçin ýeňillikler! ✦ ✦ "Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi" bäsleşiginiň ikinji tapgyry geçirildi ✦ ✦ Katolik dünýäsiniň ruhy lideri aradan çykdy ✦ ✦ Paýtagtymyzda sportuň milli we alyş göreşi boýunça halkara ýaryş geçiriler ✦
Baş sahypa / Gyzykly /Hor  çekmeklige garşy nädip göreşmeli?
  02.06.2022
2737
Hor  çekmeklige garşy nädip göreşmeli?

Hor çekmek- adamlar köpçüliginiň arasynda giň ýaýran meseledir.Köpçülik adamlar biri bilen uky ýoldaşy bolmazyndan öň hor çekýänini bilmeýärler.Elbetde güýçli hor çekmeklik ýanyňdakylara rahat uky almaklyga päsgel döredýändir.Hor çekmäge garşy göreşmekde birnäçe maslahatlary size ýetirmekligi makul bildik.

Lukmanlar köpçüliginiň aýtmagyna görä hor çekýän adamlaryň 75%-de dem alyşyň bozulmagy , ýagny gysga wagt dowamynda dem alyşyň togtamaklygyna syn edilýär.Bu bolsa ýürek keselleriniň döremek howpuna-da başlangyç bolup bilýär.Zyýansyz ýaly duýulýan bu endikden aýrylmak üçin şu aşakdaky amallary ýerine ýetirmeli.

 -Gapdal tarapa seredip  ýatmak.

 Ýatan wagtymyz diliň esasy we ýumşak bölegi  yzky kentlewüge degip owaz çykarýar.Gapdal tarapa seredip ýatmaklyk  bolsa sesiň ýüze çykmagyna päsgelçilik döredýär.Şonuň üçin gapdal tarapa seredip ýatmaklyk, hor çekmezlige gowy ýardam eder.

-Ýene-de bir usuly egin ýa-da biliň golaýynda tennis topuny goýyp ýatmak.

Bu hem bellibir derejede gapdal tarapa seredip uklamaklyga kömek edýär we ony  endige öwürýär.Bu usul uklaýan wagtymyz bilmezden  ýene öňki ýagdaýda arkan ýatmaklygyň öňüni alyp bilýär.

-Sport bilen meşgullanmaklyk.

Sport bilen meşgullanýan adam sagdyn berk bedenli kadaly agramda bolýar.Adamyň agramy artanda bolsa damagyň diametri kiçelýändir,bu bolsa hor çekmeklige eltip bilýändir.Emma agramyňy azaltmaklyk hem, bütinleý diýen ýaly bu endikden halas edip bilmeýär.Çünki hor adamlaryň arasynda-da,  hor çekýänleriň sany ýokary hasaplanýandyr.

-Spirtli içgilerden daşda durmak.

Spirtli içgiler bokurdagyň arka ýüzündäki myşsalaryň işjeňligini peseltýändir, şonuň üçin hat-da hor çekmeýänler hem spirtli içgileri içenden soň,  bu ýagdaýa düşüp bilýändirler.

-Täze ýassykda uklamak

Maglumatlara görä her alty aýda bir gezek ýassygy çalyşyp durmaklyk maslahat berilýär.Şeýle-de ýassygymyzy  3-4 günden ýuwup arassalap durmalydyrys.Arassalamadyk ýassykda tozan toplanyp, allergiki resksiýalara we hor çekmeklige getirip bilýändir.

-Gündizine kadaly möçberde suw içmeklik.

Burun we kentlewügiň ýumşak bölegi adam suwsanynda şepbeşikleşýär.Bu bolsa hor çekmegi güýçlendirýär.Emma bu ýatmazdan öň ýa-da hor çekýän mahalynda turup, 1 stakan suw içmeli diýene gelmeýär.Onuň ýaly ýagdaýda adam gijäniň dowamynda birnäçe gezek ukudan oýanmaly bolýar, ukusy birahat bolýar.Şonuň üçin günüň dowamynda suw balansyny seljerip durmaly we güýçli suwsamaklygyň öňüni almalydyrys.

Ruhsara JUMAGELDIÝEWA
Türkmen oba hojalyk institutynyň
4-nji ýyl talyby