Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Ýaşlar üçin startap bäsleşigi geçiriler ✦ ✦ IT ulgamynda startap bäsleşigi geçirilýär ✦ ✦ TOHU-da ylmy-amaly maslahat geçirildi ✦ ✦ «Garaşsyzlyk ösüşleriň-özgerişleriň çeşmesidir» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlygyň 34 ýyllygyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahat ✦ ✦ «Startaplar we ekoulgamlar» atly seminar geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlyk — halkyň milli buýsanjy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — döwlet syýasatynyň berk sütünidir ✦ ✦ Ýurdumyzda ykdysady ösüşler ✦ ✦ Türkmenistanda täze etraplar döredildi ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /HORMATLY ADAMLAR!
  16.01.2023
924
HORMATLY ADAMLAR!

Hormatly il ýaşulusy hajy Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary hem-de hormatly Prezidentimiz — Arkadagly hajy Serdarymyzyň hemaýat-goldawlary esasynda, halkymyzyň ata-baba gadymdan gelýän däp-dessurlaryny, urp-adatlaryny saklamak we goldamak, ösüp gelýän ýaş nesillerimizi milli ahlak ýörelgelerimize laýyk terbiýelemek, raýatlaryň ynanç-ygtykatlaryny erkin berjaý etmekleri üçin ýurdumyzda oňaýly şertler döredilýär, ynsanperwer ýol-ýörelgeler giňden rowaçlanýar.

Türkmenistanyň müftüsiniň müdiriýetiniň buýurmagynda Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde — Arkadag şäherinde guruljak welaýatyň baş metjidiniň taslamasyny düzmek we ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak boýunça halkara bäsleşik yglan edildi. Halkara bäsleşigiň jemleri boýunça Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Altyn» hojalyk jemgyýeti ýeňiji diýlip ykrar edildi.

Türkmenistanyň müftüsiniň müdiriýeti Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde welaýatyň baş metjidiniň gurluşygyna haýyr-sahawat ýardamyny etmäge isleg bildirýän taraplar üçin «Türkmenistan» döwlet täjirçilik bankynda ýörite hasabyň açylandygyny habar berýär. 

Arkadag şäherinde guruljak Ahal welaýatynyň baş metjidi üçin ýörite haýyr-sahawat hasaby: 

Milli manatda
 

«Türkmenistan» DTB, Aşgabat ş.
Hasaby: 23205934150658900031002
Salgyt belgisi: 102201002443
BAB belgisi: 390101506
BAH belgisi: 21101934110100900009000 

ABŞ dollarynda 

«Türkmenistan» DTB, Aşgabat ş.
Hasaby: 23205840150658500282002
Salgyt belgisi: 102201002443
BAB belgisi: 390101506
BAH belgisi: 21101934110100900009000 

Ýewroda (EUR) 

«Türkmenistan» DTB, Aşgabat ş.
Hasaby: 23205978150658100282002
Salgyt belgisi: 102201002443
BAB belgisi: 390101506
BAH belgisi: 21101934110100900009000 

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: +993 (12) 27-06-57, +993 (63) 74-66-36.