logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Hormatly işewürler!
  24.08.2022
885
Hormatly işewürler!

Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky sizi hasaplaryňyzy döwrebap we ýönekeý usulda dolandyrmaga mümkinçilik berýän «Menzilara bank hyzmaty» ulgamyndan peýdalanmaga çagyrýar.

 

 

Bu hyzmat ulgamy size ýurdumyzyň islendik künjeginden internete birikdirilen enjam arkaly tölegleriňizi geçirmäge, hasaplaryňyzyň galyndysyny barlamaga we olaryň göçürmesini almaga, karzlaryň we depozitleriň töleg tertibini hem görmäge mümkinçilik berer. Bulardan başga-da, siz özbaşdak karz serişdelerine gözegçilik edip, bank bilen onlaýn tertipde habarlaşyp hem-de dürli görnüşli bank amallaryny ýerine ýetirip bilersiňiz.

 

 

«Menzilara bank hyzmaty» ulgamyny birikdirmek üçin Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň merkezi edarasyna ýa-da islendik şahamçasyna ýüz tutup bilersiňiz.

 

 

Müşderiler tarapyndan degişli resminamalar doldurylandan soňra, bankdan alnan ulanyjynyň adyny we açarsözüni ýörite internet-sahypadaky salgylanma girizip, bu hyzmatdan peýdalanyp bilersiňiz.

 

 

Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň «Menzilara bank hyzmaty» ulgamy size pul serişdeleriňizi günüň islendik wagtynda ygtybarly dolandyrmaga we wagtyňyzy tygşytlamaga ýardam berer.

 

 

Habarlaşmak üçin telefon belgilerimiz: 38-02-55; 38-02-33; 38-01-37.

www.dayhanbank.gov.tm