logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Politics /Hormatly Prezidentimiz galla oragyna ak pata berdi
  27.05.2023
1302
Hormatly Prezidentimiz galla oragyna ak pata berdi

26-njy maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda käbir resminamalaryň taslamalaryna we ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meselelerine garaldy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde, hormatly Prezidentimiz şu ýyl Diýarymyzyň welaýatlarynda gallanyň bol hasylynyň ýetişdirilendigini belläp, Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda 2-nji iýunda, Balkan we Daşoguz welaýatlarynda bolsa 9-njy iýunda galla oragyna başlamaga ak pata berdi hem-de hormatly ýaşululardan galla oragyna «Bismilla» bilen başlap bermeklerini haýyş etdi. «Çäjiňize bereket, edermen gallaçy daýhanlar!» diýip, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň zähmetsöýer gallaçylaryna, ähli oba hojalyk işgärlerine berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny arzuw etdi.