logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Society /Hormatly Prezidentimiz Täze ýyl dabaralaryna gatnaşdy
  29.12.2025
311
Hormatly Prezidentimiz Täze ýyl dabaralaryna gatnaşdy

Asylly däplere laýyklykda, şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanynda geçirilen Täze ýyl dabarasyna gatnaşdy. Bu baýramçylyk çäresi, aýratyn-da, körpe nesillerde uly şatlyk duýgusyny döretdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

 

Ak mermerli Aşgabadyň “Älem” medeni-dynç alyş merkezinde guralan dabara 2026-njy ýylyň nyşany bolan bezemen Baş arçanyň daşynda geçirildi. Reňkli yşyklar, baýramçylyk bezegleri we erteki gahrymanlarynyň çykyşlary meýdançany şatlykly gurşawa beslendi.

 

Hormatly Prezidentimiz çagalar tarapyndan uly ruhubelentlik bilen garşylanyp, olara mähirli sözlerini aýtdy. Aýazbaba we Garpamyk hem-de ýaşajyk artistler döwlet Baştutanymyzy Täze ýyl bilen gutladylar. Körpeleriň aýdym-sazly, tansly çykyşlary baýramçylyga aýratyn öwüşgin berdi.

 

Türkmenistanda ýaş nesiller baradaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Çagalaryň sagdyn, döredijilikli we bagtyýar ösmegi üçin bilim, saglygy goraýyş we medeni ulgamlarda giň mümkinçilikler döredilýär.

 

Baýramçylygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz çagalar bilen bilelikde Täze ýyl arçasynyň daşyndan aýlanyp, olara sowgatlar gowşurdy hem-de ýadygärlik surata düşdi. Dabara ýetip gelýän Täze ýyl bilen gutlaglar bilen jemlenip, körpe nesilleri 2026-njy ýylda täze üstünliklere ruhlandyrdy.

 

Leýla ERGEŞOWA,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Maldarçylyk önümlerini gaýtadan işlemek kafedrasynyň
uly mugallymy.