logo

Latest news:
✦ Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda golýazmalary öwrenmek boýunça ylmy hyzmatdaşlyk başlandy ✦ ✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Talyplar we ýaş telekeçiler eksport boýunça amaly maslahatlar aldy ✦ ✦ TOHU-da ýaşlaryň marketing bilimini artdyrmak üçin açyk sapak guraldy ✦
Home / Politics /Hormatly Prezidentimiziň Russiýa Federasiýasyna iş sapary tamamlandy
  24.12.2025
333
Hormatly Prezidentimiziň Russiýa Federasiýasyna iş sapary tamamlandy

Ýaňy ýakynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna iş saparynyň dowamynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň ýokary derejeli resmi däl duşuşygyna gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

 

Hemişelik Bitarap Türkmenistan GDA-nyň assosirlenen agzasy hökmünde Arkalaşygyň çäginde giň gerimli energetika we logistika taslamalaryny üstünlikli durmuşa geçirip, özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine mynasyp goşant goşýar. Ýurdumyz GDA giňişliginde ulag we kommunikasiýa ulgamynyň arabaglanyşygyny pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berýär. Bütindünýä durnukly ulag gününi döretmek baradaky başlangyjy öňe süren Türkmenistan Demirgazyk — Günorta hem-de Gündogar — Günbatar halkara ulag geçelgeleriniň ösdürilmegini işjeň goldaýar. Hazar deňzi sebitini iri ulag-logistika merkezine öwürmäge gönükdirilen başlangyçlar sebit ýurtlarynyň söwda-ykdysady gatnaşyklaryny giňeltmäge, harytlaryň Günorta Aziýa we Ýewropa bazarlaryna çykarylmagyna şert döredýär.

 

Ynsanperwer we ekologiýa meseleleri hem Türkmenistanyň GDA-nyň çägindäki hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Ýurdumyz Aral deňziniň ekologiýa meselelerini çözmek boýunça hyzmatdaşlyga işjeň gatnaşýar, şeýle hem «ýaşyl» diplomatiýa, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak bilen bagly başlangyçlary öňe sürýär. Türkmenistanyň şäherleriniň birnäçe gezek «Arkalaşygyň medeni paýtagty» derejesine eýe bolmagy ýurdumyzyň halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge, umumy taryhy-medeni mirasy gorap saklamaga we medeniýetara dialoga açykdygyny aýdyň görkezýär.

 

Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky gatnaşyklar özara hormat goýmak we köpasyrlyk dostluk ýörelgelerine esaslanýan strategik hyzmatdaşlygyň nusgasydyr. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň giňden bellenilýän 2025-nji ýylynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk täze ösüş tapgyryna çykaryldy. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna gatnaşmak maksady bilen, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň Türkmenistana amala aşyran sapary iki ýurduň hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga ygrarlydygyny tassyklaýan möhüm waka boldy.

 

Netijede, hormatly Prezidentimiziň GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň ýokary derejeli resmi däl duşuşygyna gatnaşmagy Türkmenistanyň açyk dialoga, özara hormat goýmak we parahatçylyk ýörelgelerine ygrarlydygynyň nobatdaky subutnamasy boldy. Resmi däl görnüşde geçirilen sammit diňe bir tamamlanyp barýan ýylyň jemlerini jemlemek bilen çäklenmän, eýsem dürli ugurlarda täze bilelikdäki başlangyçlara esas döretmäge hem mümkinçilik berdi. GDA-nyň assosirlenen agzasy hökmünde Türkmenistan üçin şeýle duşuşyklar sebitde parahatçylyk döredijilikli hyzmatdaşlygy ilerletmegiň möhüm meýdançasy bolup durýar.

 

Döwran NOWRUZOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Ahal welaýatynyň Sarahs etrap Geňeşiniň
başlygy.