logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Politics /Hormatly Prezidentimiziň täze kitaby üç dilde neşir edildi
  28.03.2024
1095
Hormatly Prezidentimiziň täze kitaby üç dilde neşir edildi

Ministrler Kabinetiniň golaýda geçirilen mejlisinde Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň üç dilde: türkmen, rus we iňlis dillerinde neşir eden Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitaby bilen tanyşdyryldy.

 

Kitap gadymy Änewiň möhüm wakalaryny we taryhy döwürlerini beýan edýär. Onuň käbir baplary arheologiki tapyndylara we häzirki döwre çenli saklanyp galan özboluşly binagärlik ýadygärliklerine bagyşlanýar.

 

Ylmy-populýar neşiriň döremegine türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň toplan taryhy çeşmeleri ýardam etdi. Mundan başga-da, kitapda Änew medeniýetini ilki açan Rafael Pampelliniň, Wadim Massonyň, Wiktor Sarianidiniň we beýleki görnükli alym-arheologlaryň ekspedisiýalarynyň netijesinde alnan maglumatlar kän.

 

Kitabyň her baby türkmen halkynyň taryhy geçmişini, milli-medeni gymmatlyklary hem-de baý medeni mirasy we ruhy däp-dessurlary goramak, gorap saklamak we ýaýmak boýunça alnyp barylýan işler barada umumy düşünje döredip, neşiriň umumy gurluşyna goşant goşýar.

 

Güljemal HAÝYTBAÝEWA,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk 
institutynyň talyby.