logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Culture /Hoşallyk maslahaty
  27.04.2021
680
Hoşallyk maslahaty

    Sarahs etrap Medeniýet öýünde Gurbanguly Berdimuhamedow  adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmegi mynasybetli hoşallyk maslahaty geçirildi. Maslahat etrap häkimligi hem-de jemgyýetçilik guramalary tarapyndan guraldy. Işjeňlige eýe bolan maslahatda Sarahs etrabynyň il sylagly ýaşululary, kümüş saçly eneleri, jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri şeýle-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Sarahs etrap Geňeşiniň başlygy B.Goşaýew, Türkmenistanyň kärdeşler arkalaşyklarynyň Sarahs etrap birleşmesiniň başlygy W.Ýazgylyjow dagylar çykyş etdiler. Çykyşlaryň dowamynda ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesilleri durmuş taýdan goldamak, howandarlyga mätäç çagalaryň saglygynyň dikeldilmegine ýardam bermek, olaryň bagtyýar durmuşynda ýaşamagy hem-de olarda watana wepalylyk, ruhubelentlilik, arassa ahlaklylyk, ynsanperwerlilik, halallyk ýaly belent ynsan häsiýetleriniň kemala gelmegi üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen döredilen Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilendigi üçin ýürekden çykýan buýsançlaryny beýan etdiler.