logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Science and Education /Hoşniýetli gatnaşyklaryň täze nusgasy
  11.10.2023
1138
Hoşniýetli gatnaşyklaryň täze nusgasy

2023-nji ýylyň 11-nji oktýabrynda, Aşgabat şäherinde geçirilýän «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara serginiň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen W.N.Tatişew adyndaky Astrahan Döwlet uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Bu Ähtnama gol çekilmegi iki döwletiň arasyndaky medeni-ynsanperwer ulgamyndaky gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda özüniň mynasyp goşandyny goşar. 

 

 

Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň degişli ýokary okuw mekdepleriniň arasynda gol çekilen Ähtnamanyň çäginde geljekde okuw seminarlaryny guramak, ylmy-amaly maslahatlary we barlaglary geçirmek, akademiki çärelere gatnaşmak üçin özara çakylyklary, makalalary, okuw we görkezme gollanmalaryny, okuw maksatnamalaryny alyşmak ýaly ugurlarda hyzmatdaşlyk ediler. Bu Resminama gol çekilmegi iki dostlukly ýurduň bu ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň, talyplarynyň arasyndaky gatnaşyklary has-da işjeňleşdirer.

 

Merdan BERDINYÝAZOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň 
Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa
kafedrasynyň uly mugallymy