logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Politics /Hoşniýetli ýörelgeler pugtalandyrylýar
  15.11.2022
942
Hoşniýetli ýörelgeler pugtalandyrylýar

Mälim bolşy ýaly, 11-nji oktýabrda Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherinde geçirilen Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň çäklerinde hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türki dünýäniň ýokary ordeni bilen sylaglanyldy. Bu sylag Gahryman Arkadagymyzyň türki dünýäniň döwletleriniň hyzmatdaşlygyny ilerletmekdäki uly işlerine we türkmen halkyna hormat-sarpanyň nyşanydyr.

Türki dünýäniň ýokary ordeni türki dilli halklaryň arasynda raýdaşlygy pugtalandyrmaga, agza döwletleriň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge saldamly goşant goşan adamlara berilýär. Dogrudan-da, türki döwletleriň hatarynda dünýäde Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan Bitaraplyk derejesi iki gezek ykrar edilen ýeke-täk döwlet bolan Garaşsyz Türkmenistan bu günki gün «Açyk gapylar» syýasaty bilen özüniň dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugta saklap gelýär, gatnaşyklaryň gerimini giňeltmek boýunça birnäçe teklipleri berýär, bu teklipler yzygiderli goldanylýar. Şoňa görä-de, bu netijeli syýasatyň esasynda abadançylyk, parahatçylyk ugrunda hormatly Arkadagymyzyň baştutanlygynda köp işler amala aşyryldy we bu işler Arkadagly Serdarymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýär.

Gahryman Arkadagymyzyň, Samarkant sammitinde Türki dünýäniň ýokary ordeni bilen sylaglanylmagy uzak ýyllaryň dowamynda türki dünýäniň ösüşine, doganlyk halklary has-da ýakynlaşdyrmaga, geljegiň täze çelgilerini tapmaga goşan şahsy goşandynyň ykrar edilmeginiň aýdyň güwäsidir, şol bir wagtyň özünde-de türkmen döwletiniň «Ösüş arkaly parahatçylyk» ýörelgesine berlen belent bahadyr.

Umuman, doganlyk Özbegistanda geçirilen nobatdaky sammit, milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, pederlerimiziň «Gelen — döwlet», «Myhman ataňdan uly», «Kyýamat güni goňşudan» diýen pähimleriniň durmuş ýüzünde dabaralanmasyna öwrüldi. Samarkant saparynyň wakalary Gahryman Arkadagymyzyň türki halklaryň jebisligini saklamak işinde tagallalary birleşdirmegiň tarapdary bolup çykyş edýändigini ýene-de bir gezek dolulygyna açyp görkezdi. 

 

Muhammetnyýaz ÇARYMYRADOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.