logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Politics /Howply önümçilik desgalarynyň howpsuz ulanylmagynyň üpjün etmek üçin çäreler kesgitlenildi
  20.01.2023
2286
Howply önümçilik desgalarynyň howpsuz ulanylmagynyň üpjün etmek üçin çäreler kesgitlenildi

«Howply önümçilik desgalarynyň senagat howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 2-nji we 11-nji maddalaryny ýerine ýetirmek hem-de howply önümçilik desgalarynyň howpsuz ulanylmagyny üpjün etmek, howply önümçilik desgalarynda heläkçilikleriň öňüni almak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, howply önümçilik desgalaryny Howply önümçilik desgalarynyň döwlet sanawynda bellige almagyň tertibi; howply önümçilik desgasynda heläkçilikleri çäklendirmek we olaryň netijelerini ýok etmek boýunça çäreleriň meýilnamalaryny işläp taýýarlamagyň tertibi we bu meýilnamalaryň mazmunyna bildirilýän talaplar tassyklanyldy. 

 

TDH.