logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /«Hünärim bar — hormatym bar» atly bäsleşigiň Bäherden etrap tapgyry geçirildi
  10.03.2023
841
«Hünärim bar — hormatym bar» atly bäsleşigiň Bäherden etrap tapgyry geçirildi

«Hünärim bar — hormatym bar» atly bäsleşigiň Bäherden etrap tapgyry etrapdaky 1-nji orta mekdepde geçirildi. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi hem-de welaýat Baş bilim müdirligi tarapyndan bilelikde yglan edilen bäsleşige etrapdaky orta mekdeplerden 6-njy, 7-nji, 8-nji synp okuwçy gyzlar gatnaşdy.

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyna bagyşlanan bäsleşikde okuwçy gyzlar ene-mamalarymyzdan miras galan milli el işlerimizi goşgudyr çeper sözüň üsti bilen wasp etmekde, milli mirasymyz bilen bagly sowallara jogap bermekde ukyp-başarnygyny görkezdiler. Turuwbaşdan täsirlere beslenen bäsleşikde 1-nji orta mekdebiň okuwçysy Bahargül Öwezowa ýeňiji bolup, welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy.