logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /«Hünärim bar – hormatym bar» atly bäsleşigiň jemi jemlenildi
  01.03.2023
1069
«Hünärim bar – hormatym bar» atly bäsleşigiň jemi jemlenildi

Golaýda, (27-nji fewralda) Aşgabat şäherindäki «Gül Zemin» toý mekanynda Halkara zenanlar güni mynasybetli geçirilen «Hünärim bar – hormatym bar» atly bäsleşigiň jemi jemlenildi. Ol Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi bilen bilelikde guraldy.

Bäsleşikde «Türkmenaragatnaşyk», «Türkmendemirýollary», «Türkmenawtoulaglary», «Türkmenhowaýollary», «Türkmendeňizderýaýollary» agentliklerinde zähmet çekýän gelin-gyzlar öz aralarynda bäsleşdi. Birnäçe tapgyrdan ybarat bolan bäsleşikde emin agzalarynyň ses bermegi esasynda ýeňijiler yglan edildi.

Bäsleşigiň dowamynda aýdym-sazlar belentden ýaňlandy. Ýeňiji bolanlara Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.