logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Health /Hünärmenler ýaş soganyň peýdalaryny sanap geçdiler
  08.07.2022
922
Hünärmenler ýaş soganyň peýdalaryny sanap geçdiler

     Ýaş sogan, tomus işdäaçarlary we naharlar üçin hakyky bezeg bolup biler. Mundan başga-da, gök öwüsýän bu ajaýyp görnüş örän peýdalydyr. Ýaş soganlary iýmelidiginden şübhelenýän bolsaňyz, onuň özboluşly aýratynlyklary bilen tanyşmagyňyz zerur. Näme üçin ýaş sogan iýmeli? Witaminler we antioksidantlar. Naharlara ýa-da işdäaçarlara goşulan bir nahar çemçesi ýaş sogan hem iýmitimizi witaminler we antioksidantlar bilen ep-esli baýlaşdyryp biler. Çiş keselleriniň öňüni almak. Ýaş soganlar diňe bir çiş keselleriň ösmeginiň öňüni alman, eýsem bu keselden ejir çekýän hassalara elhenç keseli ýeňip geçmäge kömek edýär. Ýaş sogan, düwnük öýjüklerini ýok edip biljek maddalary öz içine alýar. Horlanmak. Soganda beden syraty zaýalap biljek hiç hili madda ýokdur. Munuň tersine, ol madda çalşygy işjeňleşdirmäge, açlyk duýgusyny basmaga ukyplydyr. Önüm berhiz saklamakda hem peýdalydyr, çünki iýmit çäklendirmeleri bolanda witaminleriň we minerallaryň deňagramlylygyny saklamaga kömek edýär. Özüňi oňat duýmaklyk. Hünärmenler, soganlary yzygiderli iýmeklik nerw ulgamynyň ýagdaýyna oňyn täsir edip biler diýip hasaplaýarlar. Önüm ukyny kadalaşdyrmaga hem kömek edýär. Ýaş sogany gündelik iýmitiňize goşsaňyz, ysgynsyzlykdan, dynyp bilersiňiz. Beýni üçin. Soganyň ajaýyp häsiýetleriniň biri hem, onuň beýnä edýän aýratyn täsiridir. Bu önümiň ulanylmagy ýatkeşligi ep-esli güýçlendirmäge we aňlaýyn meseleleri çözmäge kömek edýär diýip hasaplanýar. Şonuň üçin önüm akyl zähmeti bilen meşgullanýan adamlar üçin zerurdyr.

 

Hangeldi ILÝASOW, Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby