logo

Latest news:
✦ Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda golýazmalary öwrenmek boýunça ylmy hyzmatdaşlyk başlandy ✦ ✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Talyplar we ýaş telekeçiler eksport boýunça amaly maslahatlar aldy ✦ ✦ TOHU-da ýaşlaryň marketing bilimini artdyrmak üçin açyk sapak guraldy ✦
Home / Interesting /Hünji daşlarynyň yasamalaryndan tapawutlandyrýan aýratynlyklary
  14.03.2024
578
Hünji daşlarynyň yasamalaryndan tapawutlandyrýan aýratynlyklary

Hünji (jemçug) gymmat bahaly daşlaryň  arasynda tebigy ýagny janly organizm tarapyndan emele getirilýän ýeke-täk gymmat bahaly daşdyr. Aslynda hünji bu balykgulagyň içine gaçan deňiz çägelerinden goranmak maksady bilen suwuklygy bölüp çykarmagydyr. Wagtyň geçmegi netijesinde deňiz çäge bölejikleri bilen balykgulagyň bölüp çykarýan suwuklygy birleşip gaty, ýalpyldawuk, tegelek, belli bir ölçegi bolmadyk hünjilere (jemçuglara) öwrülýärler. 

 

Ol biziň eramyzyň 420-nji ýyllaryndan bäri Gadymy Müsürde, Hytaýda iň gowy görülip peýdalanylan iň bir gymmat bahaly daş hasaplanypdyr. Şol döwürden bäri hünjini emeli usulda almak üçin birnäçe işleri alynyp barylypdyr we 1893-nji ýylda Kokiçi Mikimoto Yaponýada “medeni hünjini” (ýagny emeli usulda) döredipdir. Suwunyň düzümini deňiz suwuna meňzedip duzly suwlarda balykgulaklaryň emeli usulda saklanylmagy netijesinde soňky döwürleride “medeni hünjiler” öndürilip başlandy. 

 

Häzirki günde iň seýrek duş gelýän hünji bu gara reňkli hünjidir. Gara reňkli hünjiler seýrek duş gelýäni üçin bahasy hem gymmat hasaplanýar. Dünýä döwletleriniň käbirlerinde altyndan 4 esse gymmat bahada satylýan hünjilere zenanlar tarapyndan uly isleg bildirilýär. Hakyky hünjileri yasamalaryndan tapawutlandyrýan birnäçe aýratynlyklary bardyr. Ýagny: 

Hakyky hünjiler has ýalpyldawuk bolýarlar, hat-da olara ýakyndan  seredeniňde aýna ýaly özüňi görmek bolýar;

- Hakyky hünjilere ak reňkli bolmaýarlar;

- Hünjileriň daş görnüşi belli bir ölçegde bolmaýar;

- Ýasama hünjiler agramy has ýeňil bolýar;

- Hakyky jemşugy elläniňde sowuk bolýarlar, hat-da hiç hili gyzgyn howada-da gyzmaýarlar.

                                            

Maýsa JUMABAÝEWA,

S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Türkmenabat agrosenagat orta hünär
okuw mekdebiniň talyby.