logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Hurmanyň peýdaly aýratynlyklary
  01.02.2022
995
Hurmanyň peýdaly aýratynlyklary

Güýz we gyş paslynyň arzyly önümleriniň biri bolan hurma diňe özüniň süýji tagamy bilen däl, eýsem, ynsan saglygyna peýdalylygy bilen bellidir.

Ösümligiň dünýäde 500 töweregi görnüşi bolup, onuň iň giňden ýaýrany “korolýokdyr”. Hurmanyň “korolýok” görnüşi şokolad ýaly  garamtyl reňkde bolup, örän süýjidir. Häzirki zaman lukmançylygynda hurmagyň ähli görnüşleriniň hem deň derejede peýdalydygy ykrar edilýär.

Hurmada demriň mukdarynyň örän köp bolmagy ony gan azlygyň ajaýyp bejeriş serişdesine öwürýär. Şeýle-de miwäniň düzüminde C witamini bolup, sitrus miwelerinden tapawutlylykda aşgazanyň diwarlaryna oňyn täsirini edýär. Hurmanyň düzüminde “B” witamini köpdür. Ol möwsümleýin kesellere garşy durnuklylygy ýokarlandyrmaga we keýpiňi götermäge ýardam edýär. Ösümligiň düzümindäki “C”  we “PP” witaminleri damarlaryň berkemegine  peýdalydyr. Hurma bedende holesteriniň derejesini hem sazlap bilýär.  

Günüň dowamynda uly ýaşdaky adamlara 2-3, ýaş çagalara bolsa 1 sany hurma iýmek barada lukmanlar tarapyndan maslahat berilýär. Şeýle hem hünärmenleriň bellemegine görä, süýjüli diabet keselinden ejir çekýän adamlara hurmany diňe lukmanyň gözegçiliginden soňra iýmek barada maslahat berilýär.