logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Culture /HÜWDÜLER BARADA
  15.05.2023
1675
HÜWDÜLER BARADA

Hüwdüler - halk döredijiliginiň in bir giň ýaýran we her bir türkmen adamsyna gönüden-göni dahylly şahyrana görnüşleriň biridir. Hüwdüler has kiçi ýaşdaky çagalary uklatmak üçin, esasan, sallançak ýanynda eneler tarapyndan aýdylýan aýdymlardyr. Hüwdülerde çaganyň ene-atasynyň, dogan-garyndaşlarynyň oňa bolan gyzgyn mährini, söýgüsini, isleg-arzuwlaryny görmek bolýar. Hüwdülerde Allatagallanyň atlarynyň gaýtalanyp gelmeginiň çuň manysy bar we öz köklerini gadymy zikirden alyp gaýdýar. Şonuň üçinem Allanyň adynyň (Huw ýa-da Hüw) bu aýdymlaryň (Hüwdiniň) umumy adynda ornaşmagy kanunalaýyk ýagdaýdyr. Gadymky Huw-Hüw diýlen aňlatma soňra türkmen halk döredijiliginde hüwdi görnüşinde aýratyn bir žanryň ady bolup galdy. Hüwdüler köplenç garry eneler, mamalar, çaganyň ejesi, gyz doganlary tarapyndan döredilýär hem-de ýerine ýetirilýär. Hüwdüde perzende bolan söýgi ýaňlanýar. Olar ene mährinden döreýär we özbaşdak ýerine ýetirilýär.

Geçmişimizden göz alyp gaýdýan hüwdi esasan hem çaga sallançakda we enäniň gujagynda ýatanda aýdylýar. Hüwdiniň jadyly owazy çagany tiz we rahat ýatyrýar. Hemmämiz hüwdüler bilen ulaldyk diýsek ýalňyşmarys. Her bir türkmen maşgalasynda, çagaly öýlerde hüwdiniň sesi belentden ýaňlanýar. Hüwdi türkmen dessanlarynda, hekaýalardyr-rowaýatlarda hem ýer alýar.

Hüwdüler köplenç dört setirden ybarat bolýar, şol setirleriň daşyndan, ýagny soňunda «huwwa-huw, heýýa-heý» diýlip hiňlenilýär, şu hiňlenmelerden hem «hüwdi» sözi gelip çykýar diýip dürli çeşmelerde aýdylýar. Birnäçe hüwdülere mysal:

Aýlanaýyn adyňdan,
Sallançakda badyňdan,
Bezenip ata çyksaň,
Çykarmagyn ýadyňdan.
Huwwa-huw...

Biziň jemgyýetimizde çaganyň tutýan orny hüwdülerde örän aýdyň şöhlelenipdir. Eneleriň hüwdüleri köp-köp türkmen şahyrlary üçin ylham çeşmesi bolup durýar. Birnäçe şahyrlar ene hüwdüsiniň äheňlerine öýkünip we olary öz döredijiliginde gaýtadan işläp, halkyň söýgüli aýdymlaryna öwrülen ajaýyp şygyrlary hem döretdiler. 

Jeýran DURDYBAÝEWA,

S.A.Nyýazow adyndaky 
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 
Türkmenabat agrosenagat orta hünär 
okuw mekdebiniň mugallymy.