logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Technology /Hytaý «anti-Starlink» taslamasyny durmuşa geçirer!
  27.02.2023
1933
Hytaý «anti-Starlink» taslamasyny durmuşa geçirer!

Hytaý mundan birnäçe wagt ozal hem Elon Muskyň eýeçiligindäki «SpaceX» kompaniýasynyň dünýäniň ähli ýerinde interneti elýeter etmek taslamasyny («Starlink») känbir göwnemeýändigini mälim edipdi.

Täze gelen habara görä, Hytaý dünýäni global internet bilen üpjün etmek şeýle-de Elon Muskyň «Starlink» taslamasyna garşydaş «anti-Starlink» hyzmatyny ýola goýmagy meýilleşdirýändigini mälim etdi. Munuň üçin Hytaý döwleti «GW» kodly äpet hemra toruny Ýeriň pes orbitasynda ýerleşdirmegi meýilleşdirýär. Täze döredilen «China Satellite Network Group Co.» şereketi arkaly orbita jemi 12,992 sany emeli hemralary uçurlar.

Häzirki wagtda Ýeriň orbitasynda 3500-den gowrak «Starlink» hemrasy bar. «SpaceX» kompaniýasy 2027-nji ýyla çenli olaryň sanyny 12 müňden geçirmegi we taslamanyň ahyrynda bolsa 40 müňe ýetirmegi maksat edinýär.

Hytaýyň emeli hemralaryny haçan uçurjakdygy barada heniz hiç hili maglumat ýok. Ýöne taslamanyň tiz wagtdan durmuşa geçiriljekdigi mälim edilýär. 

 

Yklym MYRATGULYÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy.