logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / In the world /Hytaý ilatynyň 77,5%-i internet ulanýar
  23.03.2024
620
Hytaý ilatynyň 77,5%-i internet ulanýar

Hytaýda internet ulanyjylarynyň sany 1 milliard 90 milliona ýetdi. 2023-nji ýyldaky maglumatlara görä, Hytaýyň ilatynyň 77,5 göterimi onlaýn ýagdaýa geldi.

 

Hytaýda internet ulanyjylarynyň sany 2023-nji ýylda 1 milliard 90 milliona ýetdi. Hytaý Internet Tor Maglumat Merkezi (CNNIC) tarapyndan neşir edilýän ýyllyk internet statistika hasabatyna görä, 2023-nji ýylda onlaýn ulanyjylaryň sany geçen ýyl bilen deňeşdirilende 24 million 800 müň adam artdy.

 

Ýurtda internet ulanyjylarynyň sany 1 milliard 90 milliona ýeten hem bolsa, Hytaýyň ilatynyň 77,5 göterimi onlaýn ýagdaýda boldy.

 

Onlaýn hyzmatlary ulanýanlaryň sany hem köpeldi. Onlaýn taksi hyzmatlaryny ulanýanlaryň sany ýylda 20,7 göterim, onlaýn syýahat ätiýaçlandyryş hyzmatlaryny ulanýanlaryň sany 20,4 göterim, saglyk hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň sany 14,2 göterim ýokarlandy. 

 

2023-nji ýylda tutuş ýurt boýunça 3 million 380 müň 5G esasy stansiýa gurlan bolsa, welaýat we etrap merkezi derejesinde ähli şäher ilatly nokatlarynda öýjükli aragatnaşyk infrastrukturasy döredildi.

Merdan SAPARGELDIÝEW,

 

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk 

institutynyň talyby.