logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / In the world /Hytaý koronawirusa garşy göreşmek üçin täze usullardan peýdalanýar
  10.12.2022
964
Hytaý koronawirusa garşy göreşmek üçin täze usullardan peýdalanýar

Pekin administrasiýasy koronawirusa garşy göreşde täzeçe çemeleşmäni ulanyp başlady. Ýurduň köp ilatly şäherlerinde girizilen düzgünler ýatyrylýar. Şanhaý, Guangcou we Hangcou ýaly şäherlerde syýahat çäklendirmeleri we test netijesi ýaly düzgünler ýatyryldy.

Ýurda gelýän syýahatçylar üçin hem test synag netijeleri talap edilmeýär. Şeýle hem, şäher restoranlary, kinoteatrlar we karaoke klublary ýaly ýapyk güýmenje meýdançalary ilata açyldy.

Belläp geçsek, häzirki wagtda Hytaýda koronawirus sebäpli hiç hili ölüm hasaba alynmady.