logo

Soňky täzelikler:
✦ Bitaraplyk — türkmen halkynyň synmaz ýoly ✦ ✦ Dil bilen dünýäni gezer ✦ ✦ Ýaşlar — Watanymyzyň geljegi ✦ ✦ Bilim bermekde okuwçynyň pikirleniş ukybyny ösdürmek möhümdir ✦ ✦ Garabogaz - Gazagystan serhetýaka awtomobil ýolunyň 44 kilometrlik bölegi açyldy ✦ ✦ Daşoguzda ýylda 700 müň tonna azotly dökün öndürjek toplum gurlar ✦ ✦ Daşoguzda pagta çigidini gaýtadan işleýän täze kärhana gurlar ✦ ✦ Aşgabat - Daşoguz awtomobil ýoly täze tapgyrda ulanylmaga beriler ✦ ✦ Daşoguz welaýatynda ulag we senagat ösüşiniň täze taslamalaryna badalga berildi ✦ ✦ Ykdysadyýetiň görnüşleriniň ösüşi ✦
Baş sahypa / Gyzykly /Hytaý kosmos stansiýasyny beýleki ýurtlara açar
  06.09.2022
1585
Hytaý kosmos stansiýasyny beýleki ýurtlara açar

Hytaý, Ýeriň orbitasynda döreden «Tiangong» kosmos stansiýasynyň Birleşen Milletler Guramasyna (BMG) agza ýurtlaryň kosmonawtlary tarapyndan baryp görmek we gözleg taslamalaryny amala aşyrmak üçin açyk boljakdygyny mälim etdi.

 

 

Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Wang Vinbin öz beýanynda 17 ýurtdan 23 guramadan şu wagta çenli stansiýada amala aşyryljak 9 taslamanyň saýlanandygyny şeýle hem geçiriljek synaglaryň we gözleg taslamalarynyň şu ýylyň ahyryna başlajakdygyny aýtdy.

 

 

«Tiangong» kosmos stansiýasy iki sany laboratoriýa modulyndan we kosmos teleskopyndan ybarat bolar. Kosmos stansiýasynyň gurluşygy 2022-nji ýylyň aýagyna çenli doly tamamlanar.