logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Science and Education /Hytaý we Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk ösdürilýär
  01.01.2026
387
Hytaý we Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk ösdürilýär

Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasy Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetine 190 sany okuw kitaplaryny we gollanmalaryny sowgat berdi.

 

Sowgat gowşuryş dabarasy uniwersitetde HHR-niň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Szi Şuminiň gatnaşmagynda geçirildi. Çäräniň dowamynda Hytaýa bagyşlanan wideoşekiller görkezildi, talyplar bolsa hytaý dilinde goşgy okadylar.

 

Duşuşygyň çäginde diplomat talyplaryň Hytaýyň we Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky akademiki alyş-çalyş maksatnamalary we HHR-de magistrlyk hem-de doktorlyk okuwlaryna girmek mümkinçilikleri boýunça soraglaryna jogap berdi.

 

Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar bilim ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardyklaryny bildirdiler diýip, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti habar berýär.

 

Arslan BAÝRAMOW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.