logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Economics /Hytaý ýanwar-fewral aýlarynda 1,44 milliard dollarlyk türkmen tebigy gazyny import etdi
  21.03.2022
1024
Hytaý ýanwar-fewral aýlarynda 1,44 milliard dollarlyk türkmen tebigy gazyny import etdi

Ýurdumyz ýörite gaz geçiriji turbalar arkaly Hytaý Halk Respublikasyna tebigy gaz eksport etmekde öňdäki orunlary eýeleýär. Şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda Hytaý 1,44 milliard dollar möçberinde türkmen tebigy gazyny import edip, 1,47 esse ösüş gazanyldy.

Hasabat döwründe Hytaý Halk Respublikasy - Russiýadan 526,9 million dollar, Mýanmadan 224,6 million dollar, Gazagystandan 105,1 million dollar we Özbegistandan 48,4 million dollar möçberinde tebigy gaz satyn aldy. Şeýle hem, Hytaýa suwuklandyrylan gazy eksport etmekde Awstraliýa birinji orny eýeledi. Degişli döwürde Hytaý Halk Respublikasy Awstraliýadan 3,57 milliard, Katardan 2,32 milliard, Malaýziýadan 1,87 milliard, Indoneziýadan 746 million, Russiýadan 503 million we ABŞ-dan 665 million dollar möçberinde suwuklandyrylan gaz satyn aldy.