logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / In the world /Hytaý ýerli uçarynyň önümçiligi üçin ygtyýarnama aldy
  30.11.2022
1100
Hytaý ýerli uçarynyň önümçiligi üçin ygtyýarnama aldy

Hytaýda öndürilen ilkinji ýerli «C919» ýolagçy uçarynyň, Milli raýat awiasiýa edarasyndan önümçilik ygtyýarnamasyny alandygy habar berildi. Hytaýyň raýat awiasiýasynyň administrasiýasy «C919» ýolagçy uçaryny köpçülikleýin öndürmek üçin «önümçilik ygtyýarnamasyny» berdi.

Döwlet eýeçiligindäki Hytaý täjirçilik uçar kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen dar göwrümli ýolagçy uçary ilkinji synag uçuşyny şu ýylyň 14-nji maýynda amala aşyrdy we uçuşa laýyklygy bilen 30-njy sentýabrda «uçuş ygtyýarnamasyny» aldy.

«Boeing 737» we «Airbus 320» ýaly ýolagçy uçarlaryna meňzeş «C919» ýolagçy uçarynyň ilkinji gowşurylyşy dekabr aýynda Hytaýyň Gündogar howa ýollaryna iberiler. Bu uçaryň hersiniň bahasy 99 million dollara deň bolar.