logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Interesting /Hytaýda dinozawryň täze görnüşlerine degişli galyndylar tapyldy
  22.03.2022
1279
Hytaýda dinozawryň täze görnüşlerine degişli galyndylar tapyldy

Hytaýda tapylan täze dinozawr görnüşi, şu wagta çenli ýüze çykarylan iň gadymy şuňa meňzeş görnüşleriň atasy hasaplanýar. Aziýa yklymynda ýüze çykarylan iň gadymy dinozawr mundan 175-192 million ýyl ozal ýaşap geçen bolmagy mümkin diýlip çaklanylýar.

Millionlarça ýyl ozal ýok bolandyklaryna garamazdan, dinozawrlar häzirem köp kinofilmleriň we filmleriň esasy temasy bolup durýar. Dinozawrlaryň belli dürli görnüşleri bar bolsa-da, täze görnüşler tapylmagyny häzirem dowam etdirýär.

Millionlarça ýyl ozal ýaşan köp gyzykly jandarlardan başga-da, gazuw-agtaryş işlerinde täze dinozawr görnüşleri tapyldy. Ýakynda Demirgazyk Afrikada görlüp-eşidilmedik “golsuz dinozawr” diýlip atlandyrylýan täze görnüşi tapyldy. Bu gezek Hytaýda geçirilen gazuw-agtaryş işlerinden hem şuňa meňzeş habar geldi.

Birnäçe ýyl mundan ozal ilkinji gezek sowutly dinozawrlar tapylanda, arheologlar örän tolgundylar. Emma uzak wagtlap sowutly dinozawryň täze görnüşi tapylmady. Şu wagta çenli Hytaýda geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde arheologlar tarapyndan tapylan galyndylaryň başga bir sowutly dinozawra degişli bolup biljekdigini ýüze çykdy. Synaglaryň netijesinde bu köne we birneme zeper ýeten skelet bölekleriniň iň gadymy dinozawr görnüşleri bolan “Giplaosaurus”-dan has ir ýaşap bilendigi anyklanyldy.

Bägül ÖWEZOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.