logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / In the world /Hytaýda haýwanlardan adamlara ýokuşyp bilýän täze wirus ýüze çykdy
  29.11.2022
1014
Hytaýda haýwanlardan adamlara ýokuşyp bilýän täze wirus ýüze çykdy

Alymlar Hytaýyň günortasyndan gelen ýarganatlarda adamlara ýokuşmak howpy bar bolan bäş sany howply wirusy ýüze çykardylar. «BtSY2» diýlip atlandyrylýan wirusyň, «Covid-19»-a sebäp bolýan «SARS-CoV-2» wirusy bilen ýakyndan baglanyşyklydygy mälim edildi.

Alymlar, Hytaýyň Yunnan welaýatynda tapylan «BtSY2» wirusynyň ýarganatlardan – adamlara, öý haýwanlaryna, mallara ýokuşyp biljekdigini duýdurdylar. Geçirilen derňewler, «BioRxiv» web sahypasynda deslapky gezek neşir edildi. Alymlar wirusy anyklamak we ýüze çykarmak üçin 15 görnüşden gowrak 149 dürli ýarganatlarda derňew işleri geçirildi we olaryň gan nusgalary toplandy.

Alymlar yzygiderli ýüze çykýan wiruslaryň görnüşiniň soňky wagtda has köpelendigini belläp, bu barada aladalanýarlar.