logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / In the world /Hytaýyň «China Telecom» binasynda ýangyn döredi
  17.09.2022
997
Hytaýyň «China Telecom» binasynda ýangyn döredi

Hytaýyň günortasyndaky Hunan welaýatynyň paýtagty Changsha şäher merkezindäki «China Telecom» binasynda güýçli ýangyn boldy.  


Bu baradaky habary Hytaýyň «CCTV» Döwlet teleýaýlymy, 200 metrden gowrak binanyň onlarça gatynyň ýanýandygyny, 36 sany ýangyn söndüriji ulagyň we 280 sany ýangyn söndürijiniň binada dörän ýangyny söndürmek üçin işe başlandygyny şeýle-de wakanyň bolan ýerinde halas ediş işleriniň geçirilýändigini habar berdi.


Ýangyn sebäpli binanyň käbir gatlary ulanyp bolmajak ýagdaýa geldi. Ýangynda pida bolanlar barada entek doly maglumat ýok. Binada dörän ýangyn haýal etmän gözegçilik astyna alyndy. Häzirki wagtda ýangynyň näme sebäpden çykandygy derňelýär.