logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / In the world /Hytaýyň Fukou şäheri «Covid-19» sebäpli karantina alyndy
  27.10.2022
986
Hytaýyň Fukou şäheri «Covid-19» sebäpli karantina alyndy

Hytaýyň günortasyndaky Fucien welaýatynyň merkezi bolan Fukouda «Covid-19»-yň köpelmegi sebäpli ýurduň ýokary okuw jaýlary karantine alyndy.

Hytaýyň metbugat gulluklarynyň habar bermegine görä, Fukouda epidemiýa garşy göreş we öňüni alyş çäreleri yzygiderli geçirilýär. Häzirki wagtda şäherdäki 36 sany uniwersitet karantina alyndy. Ondaky talyplara umumy ýaşaýyş jaýyndan çykmak gadagan edildi. Şäherdäki mekdepler geljek hepdäniň ahyryna çenli ýapyldy.

Fukouda şäherinde kesel bilen baglanyşykly häzirki wagta çenli 58 sany täze waka ýüze çykdy we öňküler bilen bilelikde olaryň sany 128-e ýetdi.

Hytaý hökümeti hiç hili howsala düşüljek hadysanyň ýoklugyny ähli wakalaryň gözegçilik astyndalygyny resmi metbugatda mälim etdi.