logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Interesting /Hytaýyň iň baý adamsynyň ylhamlandyryjy sözleri
  29.12.2022
1137
Hytaýyň iň baý adamsynyň ylhamlandyryjy sözleri

Hytaýyň iň baý adamy, telekeçi, «Alibaba Group» kompaniýasyny esaslandyryjy we hytaý materiginiň ilkinji biznesmeni «Jack Ma»-nyň suraty «Forbes» žurnalynyň baş sahypasynda çap edildi. Onuň ylhamlandyryjy sözleri adamlara durmuşda öz ornuny tapmaga, dürli kynçylyklary ýeňip geçmäne ýardam berýär. Ine olardan birnäçesi: 

- Bu gün ýeňil bolmaz, ertir mundan hem beter bolar, emma birigün ähli zat ajaýyp bolar; 

- Dünýädäki iň ynamsyz zat-bu adamlaryň arasyndaky gatnaşykdyr;

- Iň gowy adamlary däl-de, dogry adamlary gözläň;

- Diňe akmaklar agzyny gürlemek üçin ulanýarlar. Akyllylar kelle bilen, paýhaslylar ýüregi bilen gürleýärler;

- Eger-de siziň kararlaryňyz deň-duşlaryňyzyň kararlaryndan tapawutlanýan bolsa,  onda durmuşyňyz hem olardan tapawutlanar;

- Eger siz daş-töweregiňizdäki ähli adamlary duşmanyňyz ýaly kabul etseňiz, olar hakykatdan hem duşmanyňyza öwrüler;

- Haçanda siz bir-biriňiz bilen bäsleşýän bolsaňyz, ýigrenmekden gaça duruň, ýogsa ol sizi ýok eder;

- Bäsdeşlik bu edil küşt oýny ýalydyr, eger ýeňilseňiz, hemişe ýene bir tapgyr oýnap bolar. Uruşmak hökman däl;

- Hakyky telekeçiniň duşmanlary ýokdur. Siz muňa düşünseňiz, sizi hiç kim saklamaz;

- Dünýäni siziň sözleriňiz gyzyklandyrmaýar, hereketleriňiz gyzyklandyrýar. 

 

Sabina AMANOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky 
Türkmen milli dünýä dilleri 
institutynyň talyby.