logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / In the world /Hytaýyň oýun pudagy pese gaçýar!
  16.02.2023
1145
Hytaýyň oýun pudagy pese gaçýar!

Soňky 10 ýylda güýçli ösüşi gazanan we ABŞ-ny yzda galdyran Hytaýyň oýun senagaty peselip başlady.

Hytaý örän girdejili, mobil oýunlary ýasamak bilen meşhurdyr. Soňky ýyllarda birnäçe hytaý kompaniýalary uludan-kiçä söýlüp oýnalýan global oýunlary öndürdiler we olary täzelemegiň üstünde işlediler. Emma geçirilen soňky gözlegler, oýun pudagy bilen meşgullanýan kompaniýalaryň pese gaçyp başlandygyny görkezdi.

Munuň düýp sebäbi bolsa soňky wagtlarda Hytaý hökümetiniň geljek nesli sagdyn edip ýetişdirmäge gönükdirilen çäreleri ýatyr. Birnäçe wagt mundan ozal, hökümet ýaramaz mazmunly oýunlary çäklendirip, kämillik ýaşyna ýetmediklere oýun wagtyny çäklendirdi.