logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Economics /Hytaýyň «SANY» kompaniýasy Türkmenistandaky sement zawodyny ýük awtoulaglary bilen üpjün etdi
  06.04.2024
664
Hytaýyň «SANY» kompaniýasy Türkmenistandaky sement zawodyny ýük awtoulaglary bilen üpjün etdi

Hytaýyň iň uly gurluşyk we ýörite tehnikalaryny öndürijileriniň biri bolan «SANY» Türkmenistanyň Lebap welaýatynyň Köýtendag şäherindäki Lebap sement zawodyny 25 sany «SYZ320C-8Y» kysymly kuwwatly ýük awtoulaglary bilen üpjün etdi. Bu awtoulaglar sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň işe girizilmegi mynasybetli satyn aldyndy.

 

«Lebap sement zawodynda durnukly we netijeli gurluşyk ýörelgelerine ygrarly, dünýäniň öňdebaryjy öndürijileriniň biri bolan «SANY» kompaniýasynyň kuwwatly we ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary ulanylýar» diýip, hytaý kompaniýasynyň metbugat beýanatynda aýtdy.

 

«SANY» kompaniýasynyň «SYZ320C-8Y» kysymly ýük awtoulaglarynyň ulanylmagy täze desgada gurluşyk we logistika amallarynyň netijeliligini we ygtybarlylygyny ýokarlandyrar.

 

«Türkmenistan tarapyndan durmuşa geçirilýän infrastruktura we senagat taslamalaryny «SANY» kompaniýasy doly goldaýar. Türkmenistan bilen gatnaşyklarymyzy has-da ösdüreris we ösen sepgitlere maksatlaryna ýetmäge goşant goşarys» diýip, kompaniýanyň metbugat beýanatynda bellenilýär.

 

Gurban BEGALYÝEW, 

 

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk

institutynyň mugallymy.