logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / In the world /Hytaýyň uçýan awtoulagy 2025-nji ýylda satuwa çykarylar
  30.12.2022
1326
Hytaýyň uçýan awtoulagy 2025-nji ýylda satuwa çykarylar

Elektrikli awtoulaglar barada aýdylanda kellä gelen ilkinji kompaniýa «Tesla» bolup durýar. Şeýle kompaniýalaryň biri bolan Hytaýyň elektrik awtoulag öndürijisi «Xpeng» hödürleýän awtoulaglarynyň aýratynlyklary bilen «Tesla»-nyň iň uly bäsdeşlerinden biri bolup durýar.

«Xpeng» awtoulag kompaniýasy geçen ýyl howada-da, gury ýerde-de syýahat edip bilýän uçýan awtoulagyň taslamasyny durmuşa geçirmegi başardy. Kompaniýa özüniň «HT Aero» atly golçur kärhanasy bilen bilelikde «X2 we X3» awtoulaglaryny 140 müň dollara 2025-nji ýylda satuwa çykarar.

Doly ýagdaýda özbaşdak uçýan awtoulag sagatda 130 kilometre çenli tizlik bilen pesiräk belentliklerde 30 minutlap howada uçup bilýär.