logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Agriculture /Hyýaryň «Multistar» görnüşi ýetişdirilýär
  31.01.2023
2365
Hyýaryň «Multistar» görnüşi ýetişdirilýär

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň oba hojalygy bilen meşgullanýan agzalary ilatyň gök önümlere bolan islegini kanagatlandyrmak ugrunda yzygiderli işleri alyp barýarlar. Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabynda ýerleşýän «Aýdyň güneş» hojalyk jemgyýetiniň hyýar ýyladyşhanasy muňa aýdyň mysaldyr. Bu ýyladyşhana 1 gektara golaý meýdany tutup, hyýaryň «Multistar» görnüşi geçen ýylyň dekabr aýynda ekildi. Häzirki wagtda ekine hünärmenler tarapyndan degişli ideg işleri geçirilip durulýar. Hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri hyýardan bol we bitginli hasyl almak ugrunda şu günlerden yhlasly zähmet çekýärler.

Hyýar ýyladyşhanalarynyň ýene-de biri Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Akmuhammet Rejepowa degişli bolup, ol Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabynda ýerleşýär. Ýyladyşhana 1 gektara golaý ýer böleginde ýerleşip, bu ýerde häzirki wagtda hyýaryň «Multistar» görnüşi ösdürilip ýetişdirilýär. Ýerli ilaty islegli azyk önümi bilen üpjün etmek ugrunda ýyladyşhananyň agzybir işgärleri tutanýerli iş alyp barýarlar.