logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Economics /Hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze derejesi
  15.02.2023
1191
Hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze derejesi

15-nji fewralda Türkmenistanyň Söwda–senagat edarasynyň binasynda Eýran Yslam Respublikasynyň öz işine başlady. Arkadagly Serdarymyzyň sergä gatnaşyjylara iberen gutlagynda belleýşi ýaly, sergi dostlukly iki halkyň arasynda uzak ýyllar bäri dowam edip gelýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça hil taýdan täze derejä çykmagyna uly mümkinçilik döretdi.

Däp bolup gelşi ýaly, sergide goňşy döwletiň iri kompaniýalarynyň hem-de firmalarynyň öndürýän dürli görnüşli önümleri giňden ýaýbaňlandyrylýar. Eýran Yslam Respublikasynyň ykdysady-söwda ulgamynyň esasyny düzýän önümleriň arasynda ulag-komunikasiýa, gurluşyk, nebit-himiýa, oba hojalyk, ylym-tehinka babatda ýetilen sepgitleri şöhlelendirýän diwarlyklar oňa gatnaşaýanlarda uly gyzyklanma döredýär.

Belent ruha beslenen sergide iki dostlukly halkyň milli ykdysadyýetiniň ösmegine saldamly goşant goşýan işewürleriň, telekeçileriň özara pikir alyşmagyna, dürli ugurlar boýunça, şol sanda ýokary tehnologiýalar boýunça tejribe toplamaga hem-de hyzmatdaşlygy giň gerimde ýola goýmaga amatly şertleri döredendigi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Eýran Yslam Respublikasynyň ýöriteleşdirilen sergisiniň Medeniýet günleriniň yzysüre guralmagy gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan türkmen-eýran medeni gatnaşyklarynyň bu günki ösüşleriniň aýdyň subutnamasydyr.

 

Oguljeren SAPAROWA, 

Türkmen döwlet ykdysadyýet we 
dolandyryş institutynyň talyby.