logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / In the world /Içinde 1 million litr suw we 1500 sany balyk bolan äpet akwarium ýaryldy
  17.12.2022
1063
Içinde 1 million litr suw we 1500 sany balyk bolan äpet akwarium ýaryldy

Berlindäki bir myhmanhananyň birinji gatynda ýerleşýän 16 metr uzynlygyndaky «Aqua Dom» atly ägirt uly akwarium 16-njy dekabrda ýerli wagt bilen 05:45-de ýaryldy. Netijede, myhmanhanadaky käbir zatlar bilen birlikde takmynan 1 million litr suw we akwariumdaky 1500-den gowrak balyk pytrap gitdi. Myhmanhanadaky köp zatlar weýran boldy we ulanyp bolmajak ýagdaýa geldi.

Wakada Berlin polisiýasy 2 adamyň ýüzleý ýaralanandygyny mälim etdi. Berliniň häkimi metbugata beren beýanatynda, äpet akwariumyň 1 sagat gijä galyp ýarylan halatynda adam pidalarynyň hem köp boljakdygyny aýtdy. Häzirki wagtda wakanyň bolan ýerinde polisiýa, ýangyn söndürijiler we gyssagly kömek toparlary iş alyp barýar.