logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Science and Education /II Açyk halkara fizika internet olimpiadasy geçirilýär
  26.11.2022
1668
II Açyk halkara fizika internet olimpiadasy geçirilýär

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 27 ýyllygy mynasybetli 2022-nji ýylyň  5-6-njy dekabry aralygynda talyplaryň II Açyk halkara fizika internet olimpiadasyny geçirýändigini habar berýär we talyplary bu olimpiada gatnaşmaga çagyrýar.

Olimpiada gatnaşmaga isleg bildirýän talyplar we jogapkär mugallymlar guramaçylyk topary tarapyndan bellige alyndylar. Şeýle-de bu bäsleşige ýurdumyzyň dürli künjeklerinden ýokary okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşarlar.

Olimpiadanyň resmi dilleri – türkmen, rus, iňlis bolar.

Olimpiadanyň ýumuşlary we degişli bildirişler Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň resmi saýtynda www.tdmugi.edu.tm goýular. 

 

Kadyrmyrat ÖWEZGYLYJOW,

Türkmenistanyň Daşary Işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.